Soňky habarlar

Arhiw

Futbol boýunça ýaşlaryň arasyndaky Türkmneistanyň çempionatynda 2-nji tapgyryň duşuşyklary geçirildi

17:0007.12.2021
0
1916

Şu gün, Ýokary liganyň futbol klublarynyň ýaşlar düzümleriniň gatnaşmagyndaky futbol boýunça Türkmenistanyň birinjiliginiň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.

Tapgyryň birinji duşuşygynda “Nebitçi II” topary “Köpetdag II”-den 1:0 hasabynda üstün çykdy. “Ahalyň” ýaşlar düzümi bolsa “Şagadam II” toparyny 1:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.

Bu tapgyryň çäginde “Merw II” bilen “Aşgabat II” toparlarynyň arasyndaky duşuşyk 7-nji dekabrda oýnalar. “Aşgabat” köpugurly stadionynyň merkezi meýdanynda geçiriljek duşuşyk 12:00-da başlanar.

08.12.2021 ý. III tapgyr

Oýun 7. 10:00 “Altyn Asyr II” – “Köpetdag II”
Oýun 8. 13:00 “Nebitçi II” – “Şagadam II”
Oýun 9. 16:00 “Ahal II” – “Merw II”

Dynç güni – “Aşgabat II”

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň