Soňky habarlar

Arhiw

Daşoguzdaky kärhanada lukmançylyk hasalarynyň täze görnüşleri öndürilýär

11:3707.12.2021
0
785

«Türkmendermansenagat» birleşiginiň Daşoguzdaky zyýansyzlandyrylan sargy serişdelerini öndürýän kärhanasynda howpsuzlyk kadalarydyr öňüni alyş çäreleri giň gerimde ýaýbaňlandyrylýan häzirki günleriň talabyna laýyklykda, dürli ululykdaky önümleriň 150-ä golaý görnüşi öndürilýär. Döwrebap kärhanada işçi-hünärmenleriň 300-e golaýy zähmet çekýär. Bu ýerde ornaşdyrylan innowasion tehnologiýalar, öňdebaryjy enjamlar ösen döwletleriň derejesinde ýokary hilli önümleriň ýylda 13 million gaplamasyny öndürmäge mümkinçilik berýär.

Kärhanada häzirki şertlerde örän ygtybarly bolan sargy hem gorag serişdeleriniň täze görnüşleri öndürilip başlandy. Uzynlygy 100 metre barabar agardylan lukmançylyk hasalary, dokalmadyk matadan bir gezeklik ulanylýan, zyýansyzlandyrylan hem zyýansyzlandyrylmadyk hirurgiýa halatlary, bir gezeklik gorag eşikleri häzirki günlerde arassaçylyk kadalarynyň berjaý edilmeginde derwaýys hasaplanýar. Kärhanada lukmançylyk hasasyndan taýýarlanan bäş gatly agyz-burun örtükleriniň her gün 6 müňüsi öndürilip, ilata ýetirilýär.

«Türkmendermansenagat» birleşiginiň döwrebap düzümleriniň biri bolan bu kärhanada leýkoplastyr we bint, agartma, dokma hem gipsleýji bölümleriň dördüsi hereket edip, olarda ýokary hilli önümler taýýarlanýar.
Lukmançylyk hasalary tor görnüşli matalar şekilinde bolup, onuň esasyny düzýän sapaklaryň örülişi hem başgaçadyr. Alnan dürli şikeslerden ýa-da adam bedenine hirurgiýa taýdan çemeleşilenden soňra, şeýle sargy serişdeleri ulanylýar.

Olar bedendäki ýaranyň ikilenç hapalanmazlygynyň öňüni alýar, ýaranyň has çalt bitmegini üpjün edýär. Olaryň iki gyrasynyň dokalýandygy üçin ulanmaga has ygtybarly bolýar. Häzirki wagtda bu kärhana ýurt möçberinde iň ýokary hilli gips sargysyny öndürýän ýeke-täk önümçilik desgasydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň