Ak bugdaý etrabynyň maldarlary gyş möwsümi üçin 23 müň 505 tonna ot-iým taýýarladylar

11:2907.12.2021
0
839

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň edermen maldarlary gyş möwsümine taýýarlykly geldiler. Olar dowarlary we iri şahly mallary ýyly, dok gyşlatmak maksady bilen, ýokary hilli, ýeterlik ot-iým ätiýaçlygyny döretmäge, agyllardyr ýataklary, kaşarlary talabalaýyk taýýarlyk hataryna getirmäge aýratyn ähmiýet berdiler.

Etrabyň daýhan birleşikleriniň kärendeçi maldarlary özleriniň baý tejribelerine daýanyp, üstümizdäki ýylda ot-iým taýýarlamak işine irki möhletde girişdiler hem-de onuň ýeterlik möçberdäki ätiýaçlygyny noýabryň ortasyna çenli döretmegi gazandylar. Şeýlelikde, olar häzirki güne çenli iýmiň, şol sanda arpanyň, däne garyndysynyň, kepegiň, sarunyň jemi 1260 tonnadan gowragyny taýýarlap, bu babatdaky meýilnamany artygy bilen ýerine ýetirdiler.

Daýhan birleşiklerinde ot-iýmiň jemi 23 müň 505 tonnasy taýýarlanyldy. Has takygy, olar ýorunja bedesiniň 1692 tonnasyny, samanyň 4211 tonnasyny, ýandak we meýdan otunyň 9068 tonnasyny, senaž-sellažyň 2625 tonnasyny, silosyň 4647 tonnasyny taýýarlamak bilen, bu baradaky meýilnamany 100,5 göterim ýerine ýetirdiler.

Ot-iým taýýarlamak işleri M.Sopyýew adyndaky Oba hojalyk paýdarlar jemgyýetinde, «Abadan», «Ýerbent» daýhan birleşiklerinde has-da guramaçylykly alnyp baryldy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň