Dünýäde ýarag köp satyn alynýar

18:2006.12.2021
0
1399

Geçen 2020-nji ýylda dünýäniň ýarag öndüriji iri kompaniýalaryň 100-siniň ýarag söwdalarynyň we harby hyzmatlarynyň möçberi 531 milliard amerikan dollaryna deň boldy, bu 2019-njy ýyldakydan 1,3 göterim ýokarydyr diýip, şu gün Stokgolmyň dünýä meselelerini öwrenmek boýunça halkara inistitutynyň (SIPRI) çap eden hasabatynda aýdylýar.

Institutyň ýaraglanmak we harby çykdajylar maksatnamasynyň ylmy işgäri Aleksandra Markşteýneriň aýtmagyna görä, harby-senagat läheňleri ählumumy ykdysadyýetiň güýçden gaçan döwründe öz ýurtlarynyň hökümetleri tarapyndan harby önümlere bolan hyzmata islegleri esasynda doly goragly bolupdyrlar. «Dünýäniň aglaba ýurdunda harby çykdajylar artdy, käbir döwletler bolsa harby senagata tölegleri çaltlandyrdylar» diýip, bilermen nygtady.

Ol şeýle-de käbir önümçilikçileriň pandemiýanyň täsirinden goranyp bilmändigini belleýär, mysal üçin, «Thales» fransuz ýarag öndürýän kompaniýasy çäklendirme sebäpli öz önümleriniň satuwynyň möçberini 5,8 göterim kemeltdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň