Arhiw

Semeru ýanardagy ýaşaýjylara öýlerine dolanmaga päsgel berýär

18:0106.12.2021
0
976

Indoneziýanyň Ýawa adasynda oýanan Semeru ýanardagynyň pidalarynyň sany artýar. Ýurduň häkimiýetleri eýýäm gurban bolanlaryň sanynyň 14-e ýetendigini, onlarça adamyň ýaralanandygyny, agyr şikes alanlaryň we ýanyga duçar bolanlaryň hassahana ýerleşdirilendigini habar berdi. Heläkçilik ýerinden müňden gowrak adam göçürildi.

Semeru ýanardagy 1-nji dekabrda işjeňleşip ugrady, üç günden soňra onuň ýakyp-ýandyryjy ergini ýaşaýyş mähellelerini basdy.

Ilaty göçürmekde haýal-ýagallyk edilendigi, adamlaryň bolsa howp barada wagtynda habardar edilmändigi aýdylýar, muňa howa şertleri, ýagny ýagdaýa dessin baha bermäge päsgelçilik döreden duman sebäp bolupdyr.

Häkimiýetler howply etraby terk eden ýerli ýaşaýjylara häzirlikçe öýlerine dolanmaga howlukmazlygy maslahat berýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň