Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda türkmen agyr atletikaçylary üçin antidoping okuw maslahaty geçirildi

14:5706.12.2021
0
5090

Paýtagtyň “Sport” myhmanhanasynda Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Dopinge garşy milli agentligi we Türkmenistanyň agyr atletika federasiýasy bilen bilelikde guramagynda agyr atletikaçylar üçin dopinge garşy göreşmek boýunça okuw maslahaty geçirildi.

Hünärmenler dopingiň sportdaky zyýanlary barada umumy okuw sapagyny geçdiler.

Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň resmi web sahypasynda bellenilişine görä, maslahata gatnaşyjylar şeýle ýygnaklaryň, esasan-da 2021-nji ýylyň 7-17-nji dekabrynda Daşkentde (Özbegistan) agyr atletika boýunça geçiriljek dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda geçirilmeginiň örän täsirlidigini bellediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň