Soňky habarlar

Arhiw

«Nasaf» Özbegistanyň kubogyna mynasyp boldy

23:5504.12.2021
0
2875

«Nasafyň» futbolçylary final duşuşygynda ýurduň häzirki çempiony «Pahtakory» ýeňip, Özbegistanyň kubogyna mynasyp boldular.

Samarkand şäherindäki «Dinamo» stadionynda geçirilen duşuşyk «Nasafyň» 2:1 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. Şeýlelikde, topar taryhynda ikinji gezek Özbegistanyň kubogyna mynasyp boldy.

Bu üstünlik Ruzikul Berdiýewiň şägirtlerine 2022-nji ýylda AFK-nyň Çempionlar ligasynyň saýlama duşuşyklaryna gatnaşmaga mümkinçilik berýär. «Nasafyň» şu ýyl AFK-nyň kubogynda «Altyn asyrdyr» «Ahalyň» garşydaşy bolup, bu ýaryşyň finalyna çenli baryp ýetendigini ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň