Köpetdaga gyşyň ilkinji gary ýagdy

12:3506.12.2021
0
5521

Köpetdagyň üstünde gyşyň ilkinji gary görünip başlady. Tebigatyň bu owadan gözelilgini Aşgabat şäherininiň islendik künjeginden synlap bolýar.

Häzirki wagtda gyş paslynyň garagyş döwri öz hökümini ýöredýär. Türkmenleriň ýyldyz senenamasyna görä, gyş pasly noýabr aýynyň 23-den fewral aýynyň 21-ine çenli dowam edýär. Türkmenler gyş paslyny dört döwre bölýärler: garagyş, uly çille, kiçi çille we ahyrky garagyş. Häzir bolsa, akrapdan soň gelýän garagyş döwri dowam edýär.

7-nji dekabra çenli dowam edýän garagyş döwrüniň ahyrky günleri Köpetdagyň belent gerişlerini gyşyň ilkinji ak gary bezemegi bu ýyl gyş paslynyň ygally boljakdygyna şaýatlyk edýär. Gyşda garyň ýagmagy ýaz paslynyň has-da bereketli geljekdigine güwä geçýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň