Lebap welaýatynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 26 ýyllygy mynasybetli maslahat geçirildi

09:3006.12.2021
0
470
Lebap welaýatynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 26 ýyllygy mynasybetli maslahat geçirildi

Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň şanly senesi mynasybetli Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Bitaraplyk bilen beýgelen Diýar» diýen at bilen maslahat geçirildi. Bu barada «Türkmen gündogary» gazetinde habar berilýär.

Oňa gatnaşan ýaşlaryň öňünde çykyş eden muzeý işgärleri, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleri Bitaraplyk derejesiniň Garaşsyz Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatyna, ykdysady ösüşine, medeniýetiň galkynmagyna eden täsiri barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Çärä gatnaşyjylar Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 26 ýyllygyna bagyşlanyp guralan sergä hem tomaşa etdiler. Sergide amaly-haşam sungatynyň eserlerine, haly önümlerine, welaýatyň nakgaşlarynyň işlerine uly orun berlipdir.

Sergä tomaşa eden myhmanlar bu ýerde goýlan eksponatlaryň çeper el işleriniň we beýleki gymmatlyklaryň ösüp gelýän nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekdäki ähmiýetiniň uludygyny nygtadylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň