Soňky habarlar

Arhiw

Edebiýatçy alymyň täze kitaby neşir edildi

09:2806.12.2021
0
659
Edebiýatçy alymyň täze kitaby neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan filologiýa ylymlarynyň doktory, halypa edebiýatçy Muhammetguly Amansähedowyň «Beýikleriň bitewüligi» atly kitaby neşir edildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.

Täze kitapda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň romanlary — çeper döredijiligi barada pikir ýöredilýär. Lirikа žаnrynyň — şygyr sungаtynyň derňewine bütinleý täzeçe çemeleşilýär. Şahyrana şahsyýet, terjimehal gahryman, liriki portret, tebigat portreti, awtoportret... ýaly adalgalardyr düşünjeler hakynda söhbet edilýär.

Şeýle-de kitapda makalalar, edebi portretler, edebiýatçynyň ýazgylary ýerleşdirilipdir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň