Türkmenistanly žurnalist «Altyn pökgi» üçin kime ses berdi?

09:0005.12.2021
0
9328

Ozal hem habar berşimiz ýaly, «France Football» neşiri tarapyndan geçirilen ses berlişigiň netijesinde «Altyn pökginiň» bu ýylky eýesi mälim edildi.

Ses berlişikde PSŽ-niň argentinaly ýyldyzy Lionel Messiniň karýerasynda ýedinji gezek bu baýraga mynasyp bolandygyny ýatladýarys.

«Eurosport»-uň berýän maglumatyna görä, türkmenistanly žurnalist Aleksandr Werşinin öz sesini aşakdaky tertipde berdi:

1. Lionel Messi;

2. Kewin De Brýöýne;

3. Lautaro Martines;

4. Romelu Lukaku;

5. Pedri.

Umuman, Amerikanyň iki yklymynyň, Aziýanyň, Okeaniýanyň žurnallistleriniň aglabasy birinji orun üçin Messä ses berdi. Lewandowskini bolsa afrikaly we ýewropaly žurnalistler goldadylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň