Soňky habarlar

Arhiw

“Röwşen” hususy kärhanasy sergide döwrebap aýakgaplary çykyş etdi

18:0805.12.2021
0
5584

Şu gün — 5-nji dekabrda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde onuň agzalarynyň, ýerli telekeçileriň, şeýle-de Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileriniň we konsullarynyň gatnaşmagynda milli önümleriň sergisi hem-de maslahat geçirildi. Maslahatda çykyş edenler, esasan, Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan türkmen telekeçilerine berilýän goldaw, milli önümleriň daşary ýurtlara eksportyny artdyrmak, dünýä bazarynda olara bolan islegi ýokarlandyrmak dogrusynda bellediler. Gün tertibinde kesgitlenen maslahatdan soň geçirilen sergide ýerli telekeçileriň öndüren önümleri tanyşdyryldy.

Birleşmäniň binasynda geçirilen sergide türkmen telekeçileriniň önümçilik täzelikleri gatnaşyjylaryň dykgatyna ýetirildi. Olaryň arasynda «Röwşen» aýakgap hususy kärhanasynyň hünärmenleri hem özleriniň taýýarlan aýakgaplarynyň täze görnüşleri bilen çykyş etdiler. Bu önümleriň hatarynda çagalar we uly ýaşlylar üçin dürli ölçegdäki aýakgap önümleri, kemerler, dürli görnüşdäki gapjyklar, gyşky, güýzki hem-de ýazky aýakgaplar, pasla görä öndürilen täze aýakgaplar we beýleki önümler bar.

Häzirki wagtda hususy kärhana alyjylara hödürleýän hyzmatlaryny has-da kämilleşdirmegi maksat edinip, dürli görnüşdäki aýakgaplaryna 10%-den 50%-e çenli arzanladyş yglan etdi. Mundan başga-da, «Röwşen» aýakgaplary hususy kärhanasy müşderilere 3 aý möhlet bilen aýakgaplary garaşaryna hem hödürleýär. Ýeri gelende belläp geçsek, «Röwşen» aýakgap hususy kärhanasy 2003-njy ýylda döredilip, şol wagtdan bäri hem özüniň çagalar, erkekler hem-de zenanlar üçin niýetlenen aýakgaplary, şeýle-de deriden taýýarlanan kemerleri, gapjyklary bilen alyjylaryň uly isleginden peýdalanyp gelýär. Kärhana aýakgaplaryň sport, klassik, oksford, brogi hem-de mokasin ýaly döwrebap görnüşlerini ýokary hilde müşderilere ýetirýär.

Aýratyn-da, şu günki geçirilen sergide Türkmenistanda öndürilen önümleri daşary ýurtlarda mahabatlandyrmak üçin Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri milli telekeçileriň taýýarlan we öndüren önümlerini surata düşürip, özleriniň wekilçilik edýän ýurtlary bilen bilelikde olary dünýäniň sosial torlarynda mahabatlandyrdylar.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň