«Honda» hereket wagty açylýan öňgapak üçin ulaglaryny yzyna çagyrýar

14:1505.12.2021
0
852

Ýaponiýanyň Honda awtoulag konserni bütin dünýäde satylan ulaglarynyň 788 müňüsini hereket wagty açylýan öňgapaklary (kapotlary) üçin yzyna çagyrmak kararyna geldi.

Bu baradaky habar geçen annada ABŞ-nyň Ýol howpsuzlygy boýunça milli edarasy (NHTSA) tarapyndan ýaýradyldy, bu barada Trend ýazýar. Awtoulaglaryň görkezilen sanyndan 725 müňüsi ABŞ-da satylandyr.

NHTSA-nyň habarnamasynda bu tutumyň 2016 — 2019-njy ýyllar aralygynda öndürilen Passport, Pilot hem-de Ridgeline kysymlaryna degişlidigi bellenýär.

Hondanyň maglumatlaryna görä, näsazlyk öňgapagyň gulpundaky sazlaýja zeper ýetmegi bilen bagly bolup biler, netijede, bu ýagdaý öňgapagyň doly ýapylmazlygyna sebäp bolýar.

2022-nji ýylyň 17-nji ýanwardan başlap, kompaniýanyň dilerlik merkezlerinde öňgapagyň näsaz sazlaýjysyny bejerdip ýa-da öňgapagy tutuşlygyna çalyşdyryp bolar. Hyzmat mugt bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň