Soňky habarlar

Arhiw

«Saxo Bank»: ömrüň dowamlylygy 25 ýyl uzalar

14:0905.12.2021
0
821

Biolukmançylykdaky gazanylýan öňegidişlikler ömrüň dowamlylygyny ýene 25 ýyla uzaldyp biler, bu barada çaklama golaýda Saxo Bank resmi däl guramanyň çap eden çaklamasynda bellenýär.

Saxo Bankyň çak etmegine görä, 2022-nji ýylda tebigy garramanyň öňüni almakda ägirt uly öňegidişlik bolup geçer, netijede, adamlaryň ömrüniň ortaça dowamlylygy 25 ýyl uzalar. «Geljekde 80 ýaşlylar özlerini edil 50 ýaşan adamlar ýaly duýarlar, täze lukmançylyk serişdeleri garramagy haýalladyp, hatda garran öýjükleri ýaşaltmaklyk başardar» diýip, guramanyň habarnamasynda aýdylýar. Galyberse-de, bu ýagdaý birgiden keselleriň sanyny azaldar.

Emma gurama durmuşyň hili we ömrüň dowamlylygy babatda gazanyljak bu üstünligiň öz nobatynda görülmedik derejedäki etiki, ekologiki we maliýe kynçylyklaryna getirip biljekdigini çaklaýar, «Olaryň esasylarynyň biri-de, hususy we döwlet pensiýa ulgamlarynda özgertmeleri geçirmek zerurlygy bolup durýar» diýip, makalada aýdylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň