Soňky habarlar

Arhiw

Türkiýäniň söwda nyşany täzeçe atlandyrylar

13:4905.12.2021
0
836

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan ýurduň eksport nyşanyny üýtgetmek barada karara gol çekdi, mundan beýläk türk harytlary «Türkiye» diýlen at bilen çykarylar. Karar 3-nji dekabrda «Resmi Gazete» neşiriniň saýtynda ýerleşdirildi.

Kararda bu çözgüdiň ýurduň baý medeniýetini we mirasyny şöhlenendirýän nobatdaky toplumlaýyn ädimdigi nygtalýar. Täze nyşan türk eskportçylarynyň ynamdarlygyny, ak ýürekliligini tassyklamaklyga gönükdirilendir.

Şeýle-de, «Türkiye» adalgasynyň türk halkynyň medeniýetini we gymmatlyklaryny doly şöhlelendirýändigi bellenýär.

Netijede, indiden beýläk türk önümleri «Made in Turkey» däl-de, «Made in Türkiye» diýen nyşan astynda bazarda hödürlener.

Şol bir wagtda Respublikanyň resminamalarynda Turkey, Turkei, Turquie diýen sözleriň ýerine ýeke-täk nusga — Türkiye diýlen at ulanylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň