Soňky habarlar

Arhiw

Germaniýada Silwestr Stalloneniň suratlarynyň sergisi açyldy

13:4205.12.2021
0
3884

Germaniýanyň Hagen şäherinde Silwestr Stalloneniň sergisi öz işine başlady. Mir24.tv-niň habar bermegine görä, muzeýiň ekspozisiýasy 53 suratdan ybarat bolup, olaryň köpüsi halk köpçüligine öň görkezilmedik awtoportret we beýleki eserlerden durýar.

Bilermenleriň pikiriçe Stalloneniň işleriniň stili abstraktly ekspressionizm usulyndadyr. «Nakgaşlyga düşünýän adamlar, eger meniň aktýordygymy nazarda tutsalar şekillendiriş eserlerimiň öýlerinde asylmagyny islärler. «Elbetde, biz olary haladyk diýerler». Olara düşünişlerinden ýüz döndürmek kyn bolar. Ýöne meniň bu ýere çagyrylmagym ýyldyzlyk derejämiň suratlarymyň kabul edilmegine täsir etmeýändigini aňladýar — diýip, Stallone belläp geçdi. Şeýle-de ol öz sözünde suratkeş bolmagyň onuň çagalyk arzuwydygyny nygtap, aktýorlyk ýoluny saýlap almak bilen suratkeşligi psihoterapiýa hasap edýändigini aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň