Soňky habarlar

Arhiw

2025-nji ýylda dünýäde ilkinji ýüzýän şäher gurlar

19:3804.12.2021
0
825
2025-nji ýylda dünýäde ilkinji ýüzýän şäher gurlar

Dünýäde ilkinji ýüzýän şäheri 2025-nji ýyla çenli gurmak meýilleşdirilýär. Ol Koreýanyň Pusan şäheriniň ýanyndaky suwlarda gurlar we labyrlar bilen berkidilen ýüzýän meýdan görnüşinde bolar, şäherde 10 müňe çenli adam ýaşap biler. Geljegiň şäheri şeýle-de gerekli elektrik energiýasyny özi öndürer, ilaty azyk bilen hem özbaşdak üpjün eder.

Azyk üpjünçiligi babatda ýörite “ýaşyl” fermalary döretmek meýilleşdirilýär, şäheriň astynda bolsa deňiz önümleri ýetişdiriler.

Taslamanyň bahasy takmynan 200 million dollar bolar. Taslamany işläp düzüjiler şäheriň tebigy hadysalara, hatda deňiz gaýlaryna, sunamä durnukly boljakdygyny nygtaýarlar. Häzirlikçe ýüzýän şäherde ýaşamak üçin adamlary seçip almagyň nähili geçiriljekdigi we onda ýaşamagyň nyrhy belli däl.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň