INTERFAX.RU habarlar gullugynyň ýazmagyna görä, äleme ilkinji belarus kosmonawtynyň uçuşy 2023-2024-nji ýyllarda amala aşyrylar, bu barada neşire Russiýanyň “Roskosmos” Döwlet edarasynyň başlygy Dmitriý Rogozin habar berdi.
Ol: “Men belarus tarapyna munuň üçin dalaşgäri gyzlardan saýlamagy haýyş etdim” diýdi.
4-nji noýabrda Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin öz ýurdunyň Halkara Kosmos bekedine golaý geljekde ilkinji belarus kosmonawtyny ibermäge taýýardygyny aýdypdy.
“Roskosmos” edarasy indi Belarusuň Ylymlar akademiýasy bilen belarus kosmonawtynyň HKB-ä uçurmak üçin taýýarlamagyň guramaçylyk we tehniki taraplaryny ara alyp maslahatlaşar.