24-nji ýanwaryň birža täzelikleri

11:1725.01.2015
0
3586

Aşgabat, 25-nji ýanwar. “Türkmenportal”.

Geçen hepdede Türkmenistanyň haryt-çig mal biržasynda amala aşyrylan geleşikleriň 42-si hasaba alyndy diýip, “Türkmenistan: hepdäniň wakalary” habarlar neşiri belleýär.

Beýik britaniýaly we gonkongly telekeçiler Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen howa gämileri üçin niýetlenen ýangyjy, polipropileni daşary ýurt walýutasynda satyn aldylar. Mundan başga-da, Koreýa Respublikasyndan bolan täjirler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen dizel ýangyjyny, owganystanly telekeçiler bolsa “Türkmenhimiýa” döwlet kompaniýasynyň “B” kysymly karbamidi satyn almak barada geleşige geldiler.

Şeýle hem ýüplükler we nah matalar, ýylmanak edilip reňklenen hem-de ýumşak tüýli önümler, iri şahly malyň derisi, sement, pagta süýümi, işlenilen süýüm daşary ýurt walýutasyna ýerlenildi. Satyn alyjy ýurtlar hökmünde Şweýsariýa, BAE, Türkiýe, Singapur, Gruziýa, Ukraina ýaly döwletler we beýlekiler bar. Geleşikleriň umumy möçberi ABŞ-nyň 45 million 161 müň dollaryna barabar boldy.       

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň