Eýranda gurumly tüsse sebäpli mekdepler ýapyldy

19:2304.12.2021
0
848
Eýranda gurumly tüsse sebäpli mekdepler ýapyldy

Gurumly tüsse Eýrany gaplap aldy. Ýurduň paýtagty Tähranyň howasynyň hiliniň görkezijisi 210 derejä ýetdi, bu dünýä ölçegleri boýunça saglyk üçin howply hasap edilýär. Goýy tüsse sebäpli Tähranyň mekdepleri üç günlük ýapyldy. Howanyň düzümindäki zyýanly tozan bölejikleriniň uzak wagtlyk täsiri netijesinde ýurtda her ýyl tarpa-taýyn ölümleriň 42 müňüsi hasaba alynýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň