Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin we onuň amerikan kärdeşi Jo Baýden 7-nji dekabrda ikiçäk gepleşikleri geçirseler gerek, bu barada şu gün “Kommersant” gazeti ygtyýarly çeşmelere esaslanyp habar berdi.
Neşiriň söhbetdeşiniň anyklaşdyrmagyna görä, bu sene heniz doly ylalaşylanok, ol şeýle-de duşuşyk wideomaslahat görnüşinde geçer diýip belledi.
2-nji dekabrda RF-niň daşary işler ministriniň başlygynyň orunbasary Sergeý Rýabkow iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň söhbetdeşliginiň golaý günlerde geçjekdigine ynam bildirip, bu duşuşygyň taraplar üçin örän möhümdigini nygtady.