Soňky habarlar

Arhiw

Futbol boýunça ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň birinjiligi geçiriler

08:0004.12.2021
0
2825

Şu gün, 4-nji dekabrda ýokary liganyň futbol klublarynyň ýaşlar düzümleriniň gatnaşmagyndaky futbol boýunça Türkmenistanyň birinjiligi badalgasyny alar. Bu barada TFF-niň resmi saýty habar berýär.

Toparlaryň ýedisiniň (“Merw II”, “Aşgabat II”, “Ahal II”, “Nebitçi II”, “Altyn Asyr II”, “Köpetdag II” “Şagadam II”) gatnaşmagynda geçiriljek ýaşlar çempionaty bir aýlawdan ybarat bolup, ol 14-nji dekabra çenli dowam eder.

Birinjiligiň hemme duşuşygy hem “Aşgabat” köpugurly stadionynyň merkezi meýdanynda geçiriler.

Ýaşlaryň arasyndaky üçünji gezek geçirilýän birinjiligiň ilkinji ikisi hem paýtagtymyzyň “Altyn Asyr II” toparynyň ýeňşi bilen tamamlanypdy.

Ýaryşyň geçiş tertibi:

04.12.2021 ý. I tapgyr
Oýun 1. 10:00 “Ahal II” – “Köpetdag II”
Oýun 2. 13:00 “Aşgabat II” – “Şagadam II”
Oýun 3. 16:00 “Nebitçi II” – “Altyn Asyr II”
Dynç güni – “Merw II”

05.12.2021ý. (ýekşenbe) dynç güni

06.12.2021 ý. II tapgyr
Oýun 4. 10:00 “Köpetdag II” – “Nebitçi II”
Oýun 5. 13:00 “Şagadam II” – “Ahal II”
Oýun 6. 16:00 “Merw II” – “Aşgabat II”
Dynç güni – “Altyn Asyr II”

07.12.2021ý. (sişenbe) dynç güni

08.12.2021 ý. III tapgyr
Oýun 7. 10:00 “Altyn Asyr II” – “Köpetdag II”
Oýun 8. 13:00 “Nebitçi II” – “Şagadam II”
Oýun 9. 16:00 “Ahal II” – “Merw II”
Dynç güni – “Aşgabat II”

09.12.2021 ý. IV tapgyr
Oýun 10. 10:00 “Merw II” – “Nebitçi II”
Oýun 11. 13:00 “Şagadam II” – “Altyn Asyr II”
Oýun 12. 16:00 “Aşgabat II” – “Ahal II”
Dynç güni – “Köpetdag II”

10.12.2021ý. (anna) dynç güni

11.12.2021 ý. V tapgyr
Oýun 13. 10:00 “Nebitçi II” – “Aşgabat II”
Oýun 14. 13:00 “Altyn Asyr II” – “Merw II”
Oýun 15. 16:00 “Köpetdag II” – “Şagadam II”
Dynç güni – “Ahal II”

12.12.2021 ý. VI tapgyr
Oýun 16. 10:00 “Aşgabat II” – “Altyn Asyr II”
Oýun 17. 13:00 “Ahal II” – “Nebitçi II”
Oýun 18. 16:00 “Merw II” – “Köpetdag II”
Dynç güni – “Şagadam II”

13.12.2021ý. (duşenbe) dynç güni

14.12.2021 ý. VII tapgyr
Oýun 19. 10:00 “Şagadam II” – “Merw II”
Oýun 20. 13:00 “Köpetdag II” – “Aşgabat II”
Oýun 21. 16:00 “Altyn Asyr II” – “Ahal II”
Dynç güni – “Nebitçi II

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň