TÝL ― 2021: «Köpetdag» öz rekordyny täzeledi

22:4003.12.2021
0
774

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň «Köpetdag» futbol topary özüniň şu möwsümdäki ýeňilmezlik rekordyny täzeledi. Mundan öň möwsümde üç duşuşykda ýeňilmän, utuk gazanan topar soňky ýeňilmezlik tapgyryny dört duşuşyga çykardy we ozalky netijesini bir duşuşyk artdyrdy.

Tutuş möwsümiň rekordy bolsa «Ahala» degişlidir. «Ahalyň» 9-njy tapgyra çenli hiç bir garşydaşyndan ýeňilmändigini bilýänsiňiz. Häzir «Altyn asyr» ýeňilmezlik tapgyryny 6 oýna çykardy. «Şagadam» bilen «Köpetdag» bolsa bu tapgyry dört duşuşyga çykaryp bildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň