Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň agyr atletika ýygyndysy biilen dopinge garşy okuw-maslahat geçirildi

15:3404.12.2021
0
339
Türkmenistanyň agyr atletika ýygyndysy biilen dopinge garşy okuw-maslahat geçirildi

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi, Dopinge garşy milli agentligi we Agyr atletika milli federasiýa tarapyndan 2021-nji ýylyň 2-nji dekabrynda "Sport myhmanhanasynda" ýurdumyzyň agyr atletika boýunça milli ýygyndysynyň türgenleri üçin okuw-maslahaty geçirildi.

Onda, esasan, doping serişdesini ulanmagyň saglyga ýetirýän zyýany we sagdyn durmuşy kemala getirmek, türgenler halkara ýaryşlara gatnaşanda şol serişdäni ulanmaga garşy, umuman, sportda doping serişdesini ýok etmek ugrunda alnyp barylmaly işler barada durlup geçildi.

Bu maslahatyň biziň ýygyndymyzyň hem gatnaşjak Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň bosagasynda geçirilmegi has bähbitli boldy. Ozal hem habar berşimiz ýaly, dünýä çempionaty 7 ― 17-nji dekabr aralygynda Daşkent şäherinde geçiriler.

Türkmenistanyň agyr atletika boýunça milli ýygyndysynyň türgenleriniň dünýä çempionatyna taýýarlygyna we okuw-maslahatynyň geçirilmegine “Aýdyň Gijeler” hojalyk jemgyýeti ýakyndan hemaýat etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň