Soňky habarlar

Arhiw

Finlýandiýanyň ýygyndy toparynyň baş tälimçisi: “Türkmenistanyň ýygyndysy jebis, tertip-düzgünli topar”

19:1124.01.2015
0
3281

Sankt-Peterburg, 24-nji ýanwar. “Türkmenportal”.

Arkalaşygyň Kubogy — 2015-iň ýarym finalynda Türkmenistanyň ýygyndysyny 4:0 ýeňen Finlýandiýanyň ýaşlar toparynyň baş tälimçisi Tommi Kantonen diýseň keýpiçag haldady.

—Ýeňenimiz üçin bizi bagyşlaň! — diýip, finlýandiýaly hünärmen oýundan soňky metbugat maslahatyndaky çykyşyny degişmeden başlady. — Bu ýaryşa gatnaşýandygymyza, finala çykmagy başarandygymyza örän şat. Oýun barada aýtsam, ony iki bölege bölmek mümkin. Birinji ýarymda bize bellenilenini amala aşyrmak, pökgini islän ýerimize ýetirmek başartmady. Ikinji ýarymda oýna birneme üýtgeşme girizip, topy özümizde köpräk saklap başladyk. Şu ýerde ýene bir zady bellemeli, türkmen futbolçylary ýadady. Muňa garamazdan, garşydaşymyza laýyk baha bermek gerek, bu — jebis we tertip düzgünli topar.

—Üçünji pökgiňiz owadan we garaşylmadyk gol boldy. Top uzak aralykdan derwezeçiniň üstünden aşyryldy. Bu duýdansyz ýüze çykan pikir boldymy?

—Bu özüm üçin-ä garaşylmadyk bir zat boldy. Munuň özi oýunçynyň futbol meýdanyny oňat görüp bilýändiginden habar berýär. Derwezeçi 16 metrdagy öňe çykdy. Hattaka muny wagtynda gördi, pökgini ussatlarça onuň üstünden aşyrmagy başardy.

—11 mertlik urgynyň topuň aşajygyna kakylyp, ortaradan derwezä gönükdirilmegi öňden taýýarlanylypmydy?

—Bu hem duýdansyz gelnen netije, özem diýseň batyrgaý töwekgellik.

—Siz Belarus — GAR ýarym final duşuşygyny gördüňizmi we çalasyn hereket edýän afrikalylara garşy etsem-goýsamlaryňyz barmy?

—Häzir belli bir zat diýmek kyn, eger siz bu barada ýekşenbe güni irden sorasaňyz jogap bermäge çalşaryn.

—Size we toparyňyza bu ýaryş name berdi?

—Birinjiden, bu bäsleşik ýylyň häzirki wagty üçin örän peýdaly. 6 halkara duşuşygy ýaş oýunçylara oýun tejribesini bermek üçin tüýs gerek zat. Öz klublarynda olara bärdäki ýaly şeýle mümkinçilik berlenok,  gymmatly tejribe toplamaga şert döredilenok. Ikinjiden bolsa, ýaryş bize oýunçylar bilen köpräk bile  bolmaga, milli ýygyndynyň nähili oýnaýandygy we oýnamalydygy baradaky pelsepämizi olara geçirmäge ýardam edýär.   

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň