Palma adasynda bir gije-gündizde 374 sany ýertitreme hasaba alyndy

18:2903.12.2021
0
816

Ispaniýanyň Palma adasyndaky Kumbre-Wýeha ýanardagy henizem çogmasyny bes edenok, ol düýn täze rekord goýdy — onda seýsmiki işjeňlik sebäpli 374 sany uly bolmadyk ýertitreme hasaba alyndy. Bu barada Reuters ýazýar.

Eýýäm iki aý bäri çogup duran ýanardag düýn ýene güýçli silkindi, alymlar bu gezek bir däl-de, dowamly çogmanyň boljakdygyny çakladylar, olaryň çak edişi ýaly hem boldy. Seýsmologlaryň pikirine görä, ýeriň orta gatlaklarynda täze magmatiki boşluk emele geldi, dowamly ýertiremeler bolsa, uly partlamanyň buşlukçysydyr.

Adadan emele gelen howp zerarly ýedi müň adam göçürildi, olaryň üçden bir bölegi öýsüz galdy. Ýanardagdan çogup akan gyzgyn ergin sebäpli mekdepler, banan meýdanlary ýok boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň