Gazagystanda Nazarbaýewiň keşbi şekillendirilen ýubileý pul çykaryldy

18:0903.12.2021
0
1032

Belta habarlar gullugynyň habaryna görä, Gazagystanyň Milli banky ýurduň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk ýubileý senesine bagyşlap, ilkinji gazak Prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň portreti ýerleşdirilen puly dolanyşyga goýberdi.

Gymmaty 20 müň teňňe bolan banknot özboluşly tehnologiýa boýunça taýýarlanypdyr, onda dünýäde ilkinji gezek dikligine uzaboýuna metallaşdyrylan çyzyk bar. Çyzykda puluň möçberini görkezýän golografiki şekil, Garaşsyzlygyň 30 ýyllygynyň nyşany hem-de ýurduň häzirki Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň faksimilesi hem bar.

Nazarbaýewiň keşbi puluň iki ýüzünde-de ýerleşdirilipdir. Pulda Gazagystanyň beýleki döwlet nyşanlary hem öz beýanyny tapypdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň