Arhiw

«Geek Space» kompaniýasynyň wekiliniň «Tanat» işewürlik-maglumat kitapçasyny ulanyş tejribesi

17:2503.12.2021
0
6161

Biziň hemmämize mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda ýaňy-ýakynda «Tanat» işewürlik-maglumat kitapçasy neşir edildi. Bu kitapçada Türkmenistanyň orta we kiçi hususy kärhanalary baradaky köp sanly mahabat maglumatlary beýan edilýär. Türkmenistanyň köp hususy kärhanalary üçin «Tanat» işewürlik-maglumat kitapçasynyň sahypalarynda orun almaklyk – bu olaryň özlerini we işlerini yglan etmekleriniň özboluşly bir iş usulydyr.

– «Geek Space» kompaniýasynyň wekili bu kompaniýanyň işi we «Tanat» işewürlik-maglumat kitapçasy taslamasyna gatnaşmagyň peýdalary barada gürrüň berdi:

– «Geek Space Türkmenistan» kompaniýasy 2020-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň maglumat tehnologiýalary bazarynda hereket edýär. Bu gysga wagtyň içinde biziň kompaniýamyz maglumat tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy we onlaýn söwda üçin web programmalarynyň ösdürilmegi, «TestSpace» üçin synag meýdançasynyň hem-de dürli maksatly ykjam programmalaryň döredilmegi babatda has uly işleri etmegi başardy. Mysal üçin: «TmMuse» şäherdäki wakalara onlaýn ýolbelet, «Beýik ýoly» – kömekçi awtoulag sürüjisi we başgalar. Ýaş hünärmenleri işimize işjeň çekýäris, Ýurdumyzda maglumat tehnologiýasy pudagynda geljekki taslamalary beýan etmeklik hem-de durmuşa geçirmeklik üçin ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny ýerlikli peýdalanýarys we olara bu ugurdan zerur tejribe toplamaga mümkinçilik berýäris.

– «Tanat» bilen hyzmatdaşlyk Sizde nähili täsir galdyrdy?

– Biz «Tanat» bilen ep-esli wagt bäri dowamly işleýäris we hyzmatdaşlygymyzyň täsiri örän amatly. «Tanatyň» tapawutly aýratynlygy – onuň işi öz möhletinde ýokary hilli ýerine ýetirilýänligi, tejribeli hünärmenleriniň we dostlukly toparynyň barlygy bilen baglanyşyklydyr.

– «Tanat» taslamasyna gatnaşmagyň artykmaçlyklary näme?

– Biz mahabatlary kagyz görnüşindäki «Tanat» işewürlik-maglumat kitapçasyna ýerleşdirmeklik bilen, entek internet giňişligine girmek kararyna gelmedik telekeçileriň we hususy kärhanalaryň ünsüni çekmek isleýäris. Häzirki wagtda işewürlikde onlaýn usulda iş alyp barmaklyk möhüm ähmiýete eýedir. Bu iş usuly ilki bilen, haryt nyşanynyň habardarlylygyny ýokarlandyrmaga, ýurduň içinde hem daşynda täze müşderileri we hyzmatdaşlary çekmäge, söwda-satuw işini artdyrmaga kömek edýär.

Ýadyňyzda bolsa, şu ýylyň oktýabr aýynda «Emel» dizaýnerlik kompaniýasy «Tanat» işewürlik-maglumat kitapçasyny 10000 nusgasyny çykardy. «Tanat» işewürlik-maglumat kitapçasy Türkmenistanyň ähli sebitlerine muzdsuz (tölegsiz) paýlanylýar. Häzirki wagta çenli «Tanat» işewürlik-maglumat kitapçasynyň 6500-den gowrak nusgasy paýlanyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň