Soňky habarlar

Arhiw

​Ýaş alym gyzyň nobatdaky üstünligi

16:5503.12.2021
0
2975

Ýaş alym – Enejanyň ady köpler üçin tanyş bolsa gerek. Sebäbi ol Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda geçirilýän ylmy we döredijilik bäsleşiklerine gatnaşmak bilen öz başarnygyny görkezip, baýrakly orunlara mynasyp bolan talyp gyzymyz.

Enejan Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky zehinli ýaşlar mekdebinde okaýan wagtyndan bäri fizika dersi bilen gyzyklanyp başlaýar. Orta mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda geçirilýän ders hem-de taslama bäsleşiklerine gatnaşyp baýrakly orunlaryň birnäçesine eýe boldy.

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň geologiýa fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Enejan Babaýewa talyplygynyň ilkinji ýylyndan başlap, bilim alýan ýokary okuw mekdebiniň halypa mugallymy, fizika-matematika ylymlarynyň kandidaty Patyşaguly Ataýewiň ýolbaşçylygynda «Güýç litografiýasynyň kömegi bilen nano ölçegli elementleri döretmegiň tehnologiýasy» atly ylmy işi alyp bardy. Onuň taýýarlan ylmy işi geçen 2020-nji ýylda Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda geçirilýän ylmy işler boýunça bäsleşikde oňa üstünlik getirdi. Şol bäsleşikde Enejan baýrakly 1-nji orna mynasyp bolmagy başardy.

Talyp gyz alyp baran ylmy işiniň täzeligi barada halk köpçüligini tanyşdyrmak üçin milli neşirler bilen birlikde Gazagystanyň, Belarus Respublikasynyň neşirlerinde hem ylmy makalasy bilen çykyş etdi. Onuň elektron enjamlaryň önümçiliginde nanotehnologiýa daýanmak bilen bagly pikiri hünärmenler tarapyndan gyzgyn goldaw tapdy.

Talyp gyz bilim alýan ýokary okuw mekdebinde Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy Atamyrat Ylýasowyň ylmy döredijilik bilen gyzyklanýan ýaşlar üçin ýygy-ýygydan duşuşyk geçirip, halypa mugallymlar bilen birlikde ýaşlaryň döredijilik bäsleşiklerine gatnaşmaga ähli şertlerdir mümkinçilikleri döredip berýändigini buýsanç bilen gürrüň berýär.

Onuň ylmy döredijiliginiň miwesi şu ýylyň noýabr aýynda hem öz netijesini görkezdi. Aşgabatdaky Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli Türkmenistanyň medeniýetde, ylymda, tehnikada, bilimde, terbiýeçilik işinde, sportda, saglygy goraýyşda we beýleki ugurlarda has tapawutlanan ýaşlara Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň gowşurylyşynda Enejanyň ady hem uly dabara bilen tutuldy.

Biz hem «Turkmenportal» web saýtymyzyň okyjylarynyň adyndan Enejany gazanan üstünligi bilen gutlap, oňa okuwda, ylym dünýäsinde hemişe üstünlikleriň hemra bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris. Ýeňişli ýollaryňyz dowamly bolsun, Enejan!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň