Soňky habarlar

Arhiw

Gün tutulmagy Antarktidany garaňkylyga batyrar

15:1403.12.2021
0
4801

Şu ýylyň 4-nji dekabrynda Gün tutulmagy bolar. Bu hadysa Antarktidany iki minut töweregi garaňkylyga batyrar. Indi Antarktidada oktýabrdan aprel aýyna çenli dowam edýän polýar gününiň bardygyny belläp geçmek gerek. Şenbe güni, Günorta polýusda gije 1 minut 54 sekunt düşýär — Aý Günüň öňünden göni geçer, ýagtylygyny ýapar we günüň tutulmagyna sebäp bolar. Astronomiki hadysany Argentinada, Çilide we Iňlis Antarktida sebitlerinde, şeýle hem Meri Býordyň adamsyz topragynda-da görmek bolýar. Günorta Amerikanyň, Afrikanyň, Awstraliýanyň we Täze Zelandiýanyň günorta sebitlerinde tutulma bölekleýin bolar. Mir24.tv habaryna görä Günorta Amerika we Afrika üçin bu ir säher bilen, Awstraliýa we Täze Zelandiýa üçin - gün ýaşanda bolar.

Garaşylýan Gün tutulmagy, 19-njy noýabrda bölekleýin Aý tutulmagy bilen başlanan tutulma şöhlesini ýapar. Indiki tutulma 2022-nji ýylyň 30-njy aprelinde bolar.



Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň