Soňky habarlar

Arhiw

“iPhone 6 Plus” könelen harytlaryň sanawyna goşular

14:5903.12.2021
0
3917

“Apple” kompaniýasynyň könelip, durkuny saklap galan önümleriniň sanawy kompaniýanyň taryhynda iň köp satylan smartfonlar bilen doldurylar. “Apple-iň” içerki gulluk hatyna laýyklykda, “iPhone 6 Plus” smartfony 31-nji dekabrda könelse-de durkuny saklan önümleriň sanawyna resmi taýdan goşular. ixbt.com saýtynyň habar bermegine görä, bu karar “Apple” kompaniýasynyň bu enjamy paýlamagy we satmagy bes edeninden bäş ýyldan gowrak wagtyň geçendigini aňladýar.

Muňa garamazdan, “Apple Store” we “Apple-iň” ygtyýarly hyzmat üpjün edijileri bu enjam üçin abatlaýyş hyzmatlaryny häzirlikçe dowam ederler. Iň köp satylan “iPhone 6 Plus-yň” önümçiligi 2016-njy ýylda bes edildi. 2019-njy ýylda iOS 13-iň çykmagy bilen, “iPhone 6” we “iPhone 6 Plus” smartfonlary “Apple-den” programma üpjünçiligini almagyny goýdular.

“Apple” kompaniýasynyň bu günki köne durkuny saklap galan önümleriniň sanawyna “iPhone 4” (8GB), “iPhone 4S”, “iPhone 4S” (8GB), “iPhone 5” we “iPhone 5C” ýaly smartfonlar girýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň