Talyplaryň sergisi sagdyn durmuşy wagyz edýär

16:3124.01.2015
0
4375

Aşgabat, 24-nji ýanwar. “Türkmenportal”.

24-nji ýanwarda Aşgabadyň “Mekan” köşgünde Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplarynyň işlerinden ybarat “Sagdyn jemgyýet — kuwwatly döwlet” atly sergi açyldy. Sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmäge bagyşlanan sergi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bedenterbiýe-sport hereketini şekillendiriş sungatynyň üsti bilen beýan edýär.

Welosporty, figuralaýyn typmagy, milli oýunlary wagyz edýän žiwopis eserleri ýurdumyzdaky bedenterbiýe-sagaldyş, sport hereketiniň köpçülikleýin häsiýete eýedigini açyp görkezýär. Umuman, täsirli plakatlar, heýkeltaraşlyk işleri sergä gelenlerde ýatdan çykmajak täsir galdyrdy.   

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň