Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda täze kabul edilen kanunlary ilata düşündirmek boýunça maslahat geçirildi

12:1603.12.2021
0
503
Türkmenistanda täze kabul edilen kanunlary ilata düşündirmek boýunça maslahat geçirildi

Änew şäherindäki Milli «Ak bugdaý» muzeýinde täze kabul edilen kanunlary ilata düşündirmek boýunça maslahat geçirildi. Ahal welaýat häkimliginiň, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň hem-de Mejlisiniň bilelikde guramagynda bolan duşuşyga welaýatymyzyň etraplaryndan arçynlar gatnaşdy. Bu barada «Ahal durmuşy» gazetinde habar berilýär.

Maslahatda Türkmenistanyň kanunçylyk-hukuk binýadynyň barha kämilleşdirilýändigi we döwrebaplaşdyrylýandygy, täze kanunlaryň kabul edilýändigi barada gürrüň edilip, ýakynda kabul edilen «Döwlet ýer kadastry hakynda» (rejelenen görnüşi) Türkmenistanyň Kanunynyň ähmiýetine aýratyn üns çekildi.

Çykyş edenler bu Kanunyň esasy maksadynyň döwlet ýer kadastryny ýöretmegiň hukuk esaslaryny kesgitlemekden, ykdysadyýeti ösdürmek üçin kadastr maglumatlaryny peýdalanmakdan, ýer böleklerine hukuk kepilliklerini üpjün etmekden, ýerleri netijeli peýdalanmakdan, dikeltmekden we aýawly saklamakdan ybaratdygyny bellediler. Olar döwlet ýer kadastry babatda işiň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny düzgünleşdirýän bu Kanunyň degişli düzgünleriniň üstünde giňişleýin durup geçdiler. Türkmenistanda azyk bolçulygyny pugtalandyrmakda Kanunyň ähmiýetiniň uludygy barada aýdylanlar has-da täsirli boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň