Soňky habarlar

Arhiw

Berdimuhamedow Hindistan — Merkezi Aziýa ilkinji sammitine gatnaşmaga çagyrylýar

22:0002.12.2021
0
8298

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri Narendra Modi tarapyndan Hindistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky ýola goýlan köptaraplaýyn hyzmatdaşlyklar, ýurtlaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak üçin alnyp barylýan giň gerimli işler üçin minnetdarlyk haty hem-de Hindistan Respublikasynyň güni mynasybetli geçiriljek dabara gatnaşmak üçin çakylyk haty gelip gowuşdy. Hatda şeýle setirler bar.

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hindistan bilen Türkmenistany däbe öwrülen taryhy-medeni gatnaşyklar baglanyşdyrýar. Maňa 2015-nji ýylda Siziň ajaýyp ýurduňyzda bolmak bagty miýesser etdi. 2010-njy ýylda Hindistana amala aşyran saparyňyz Hindistanyň we Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge mäkäm esas goýdy. 2019-njy ýylda ýola goýlan Hindistan — Merkezi Aziýa dialogynyň çäklerinde hem ikitaraplaýyn we sebit hyzmatdaşlygymyzyň gerimi giňedi.

Ýetip gelýän 2022-nji ýylda Hindistan we Türkmenistan üçin şanly ýyllaryň birine öwrüler hem-de diplomatik gatnaşyklarymyzyň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna beslener. Onuň şu ýyl dabaralandyrylýan taryhy senäniň — Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň yzysüre bellenilmegi aýratyn ähmiýete eýe bolýar.

Geljek ýyl Hindistan üçin hem taryhy ýyllaryň biri bolup, şonda biz ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 75 ýyllygyny baýram ederis.

Men Sizi tüýs ýürekden 2022-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda Nýu-Deli şäherinde geçiriljek Respublikasynyň gününiň baýramçylygyna hormatly myhman hökmünde Hindistana çagyrmak isleýärin. Respublikanyň gününiň hormatyna geçiriljek dabaraly ýörişe gatnaşmak üçin Siziň Ýaragly Güýçleriňizden düzülen topary kabul etmek hem biziň üçin uly hormat bolar.

Hindistan Merkezi Aziýa hoşniýetli goňşuçylyk nukdaýnazaryndan garaýar hem-de sebit bilen mäkäm we sazlaşykly hyzmatdaşlyga ygrarlydyr. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Baştutanlarynyň Respublikanyň güni mynasybetli baýramçylyga gatnaşmak mümkinçiliginden peýdalanyp, sebitde umumy wehimlere köpçülikleýin çemeleşmeleri ara alyp maslahatlaşmak üçin Hindistan — Merkezi Aziýa ýokary derejeli sammiti guramagy hem teklip edýärin.

Munuň özi biziň gatnaşyklarymyzy täze derejä çykarar.

Men Siziň Alyhezretiňiziň Respublikanyň gününiň baýramçylygyna hem-de Hindistan — Merkezi Aziýa sammitine gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn.

Siziň Alyhezretiňiz, Size uly hormatym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Narendra MODI,
Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň