Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2021: «Altyn asyr» bilen «Ahalyň» Ýokary liganyň taryhynda gazanan ýeňişleriniň sany deňleşdi

08:4001.12.2021
0
555

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň öňdebaryjylary «Altyn asyr» bilen «Ahal» Ýokary ligadaky ýeňişleriniň sany boýunça deňleşdi. Häzir olaryň ikisi Ýokary ligadaky taryhynda 251 pökgi geçirdi.

«Ahalyň» milli çempionatymyzda 1992-nji ýyldan bäri üzlem-saplam çykyş edendigini ýatladýarys, «Altyn asyr» bolsa bu ýaryşa 2008-nji ýylda goşulyp, şondan bäri yzygiderli çykyş edip gelýär. Geçen ýyllaryň dowamynda olaryň ikisi hem şu çenli jemi 251 ýeňiş gazandy.

Bu netije bilen «Altyn asyrdyr» «Ahal» Ýokary liganyň taryhynda iň kän ýeňiş gazanan toparlaryň sanawynda bäşinji orny paýlaşýar. Başyny 458 ýeňiş bilen «Nebitçi» çekýän sanawda (toparyň «Balkan» ady bilen çykyş ýyllaryndaky ýeňişler hem goşuldy) «Merw» ikinji (335), «Şagadam» üçünji (319), «Köpetdag» dördünji (313) orny eýeleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň