Soňky habarlar

Arhiw

Ýewropa film akademiýasy gibrid görnüşinde baýrak gowşurylyş dabarasyny geçirer

16:1702.12.2021
0
2861

Şu ýylyň 11-nji dekabrynda Ýewropa film akademiýasy Berlinde däp bolan baýrak gowşurylyş dabarasyny geçirer. Germaniýada COVID-19 bilen baglanyşykly ýagdaýyň ýaramazlaşmagy sebäpli wakanyň fiziki görnüşi gibrid görnüşi bilen çalşyrylar. Bu barada akademiýanyň Buro247.ru web sahypasynda habar berildi.

Baýrak gowşurylyş dabarasynyň ýaýlymy Berlinde ýerleşýän studiýada bolar. Dalaşgärleriň birnäçesi içerde bolar, dabara gatnaşyjylaryň galanlary oňa gibrid görnüşinde goşularlar.

Ýewropa film akademiýasy «2G» wakasynyň doly görnüşini meýilleşdirýär. COVID-19 ýokanjy sebäpli sanjym edilen adamlar bu ýere gatnaşyp bilerler.

Maglumat üçin Ýewropa kinematografiýasyny tanatmak üçin ýewropaly kinorežissýorlary başlangyjy bilen 1988-nji ýylda Ýewropa film Akademiýasy (EFA) döredildi.Ýewropa kino jemgyýetiniň ilkinji prezidenti şwesiýaly kinorežissýor Ingmar Bergman boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň