Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2021: Annadurdyýew ýene ikinjilige şärik

08:2501.12.2021
0
411

«Altyn asyryň» futbolçysy Altymyrat Annadurdyýew üç tapgyrlyk arakesmeden soňra Ýokary ligada ýene bir gezek tapawutlanyp, iň netijeli futbolçylaryň sanawynda ikinji orna şärik boldy.

Mundan ozal çempionatdaky iň soňky goluny 5-nji tapgyrda «Aşgabadyň» derwezesinden geçiren Altymyrat Annadurdyýew toparyny şu möwsümde ilkinji gezek ýaryşyň iň ýokarky basgançagyna çykaran duşuşykda «Ahalyň» derwezesini hem böwsüp geçmegi başardy. Şeýlelikde, ol möwsümdäki gollarynyň sanyny 5-e çykaryp, «Şagadamdan» Nazar Towakelow bilen deňleşdi.

Möwsümiň iň netijeli futbolçylarynyň sanawynyň başyny 8 gol bilen «Ahalyň» ýarym goragçysy Elman Tagaýewiň çekýändigini habar berýäris.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň