Türkmen kinolary Ýewraziýa Halkara kinofestiwalyna gatnaşmaga çagyrylýar

15:2702.12.2021
0
507
Türkmen kinolary Ýewraziýa Halkara kinofestiwalyna gatnaşmaga çagyrylýar

Her ýylda geçirilýän Ýewraziýa Halkara kinofestiwaly (Eurasian Creative Guild Film Festival) şu ýyl 4-nji gezek geçirilýär. Guramaçylar festiwala gatnaşmaga isleg bildirýänleriň haýyşnamalaryny, ýüztutmalaryny kabul edýär. Bu barada eurasianfilmfestival.uk internet saýtynda habar berilýär.

Ýewraziýa sebitinde kinematografiýany ösdürmek üçin meýdança bolan bu kinofestiwal Ýewraziýa kinolaryny iňlis dilli ýurtlarda ilerletmäge, kino sungatynyň wekillerini tutuş dünýäden professionallar bilen tanyşdyrmaga, şeýle hem hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahtlaşmaga gönükdirilendir.

Festiwal her ýyl Londonda «Romford Film Festival» britan kinofestiwalynyň çäklerinde geçirilýär. Geçen üç ýylyň dowamynda dürli ýurtlardan – Gazagystandan, Russiýadan, Italiýadan, Finlandiýadan, ABŞ-dan, Belarus Respublikasyndan, Şwesiýadan, Germaniýadan, Eýrandan, Gruziýadan, Ermenistandan we beýleki ýurtlardan 150-den gowrak film görkezildi.

Kinofestiwalyň çäklerinde Ýewraziýa sungatynyň sergisi we «Silk Road Fashion Show» lybaslaryň moda görkezilişi hem guralýar.

Festiwala gatnaşmaga çeper we gysga göwrümli, animasion filmler, dokumental taslamalar, kitaplar, treýlerler, edebi ýazgylar, aýdym-saz wideoşekilleri hödürlenip bilner.

Festiwala gatnaşyjylar Ýewraziýa Döredijilik Gildiýasynyň agzalygyna kabul edilýär, ol sungatyň ähli ugurlarynda we görnüşlerinde döredijilik adamlaryny birleşdirmek üçin umumy meýdançadyr.

Festiwala hödürlenýän filmlerdir wideo ýazgylar «filmfreeway» meýdança arkaly onlaýn görnüşde hödürlenmelidir. Iňlis dilinden gaýry dillerdäki filmler subtitrli ýa-da iňlis diline terjime edilen bolmalydyr.

Festiwala hödürlenen filmlere emin agzalary, şol sanda britan režisýory Spenser Hoken, ukrainaly režisýor, 3-nji Ýewraziýa kinofestiwalynyň ýeňijisi Sergeý Timçenko, lissabonly prodýuser Nuno Martini özleriniň mynasyp bahalaryny bererler.

Festiwala gatnaşmak üçin hödürnamalar, ýüztutmalar 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli kabul edilýär. Saýlanan filmler 2022-nji ýylyň maý aýynda yglan ediler.

Festiwalyň şertleri bilen eurasianfilmfestival.uk internet saýtynyň üsti bilen tanşyp bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň