Soňky habarlar

Arhiw

Salwador «Bitcoin City» atly dünýäniň ilkinji kriptowalýuta şäherini gurmagy maksat edinýär

13:0402.12.2021
0
802

Salwador «Bitcoin City» atly dünýäniň ilkinji kriptowalýuta şäherini gurmagy maksat edinýär. Bu barada «ensonhaber.com» web sahypasynda habar berilýär.

Dünýäde «Bitcoin» kriptowalýutasyny resmi pul birligi hökmünde yglan eden ilkinji ýurt hökmünde hasaba alnan Salwadorda täze karar kabul edildi. Salwadoryň kriptowalýutalary wagyz etmek boýunça hepdeliginiň jemleýji çäresinde bu ýurduň Prezidenti Naýib Bukele çykyş edip: «Salwador dünýäde ilkinji «Bitcoin» obligasiýalaryny çykarmak we wulkanyň golaýynda girdeji salgydyndan azat «Bitcoin City» şäherini gurmagy maksat edinýär. Bu şäheriň gurluşygyna 300 000 töweregi «Bitcoin» sarp ediler. Ýurdumyzyň hökümeti «Liquid Network» torunda 1 milliard dollarlyk «Bitcoin» obligasiýalaryny ýerleşdirmek üçin eýýäm «Blockstream blockchain» kompaniýasy bilen şertnama baglaşdy. Men ähli işewürlere ýüzlenýärin – bu işe maýa goýuň we isläniňizçe pul gazanyň. «Bitcoin City» atly dünýäniň ilkinji kriptowalýuta şäheri – wulkan bilen işleýän, ondan energiýa alýan, ekologik taýdan arassa şäher bolar .» - diýip belledi.

Salwadoryň kriptowalýutalary wagyz etmek boýunça hepdeliginiň jemleýji çäresinde «Blockstream blockchain» kompaniýasynyň baş müdiri Samson Mou «wulkan obligasiýalarynyň» serişdeleriniň ýarysynyň «Bitcoin» kriptowalýutalary üçin, galan böleginiň bolsa geotermal elektrik bekedini gurmak üçin ulanyljakdygyny aýtdy.

Salwador ýakyn wagtda dünýäde ilkinji kriptowalýuta şäheri gurmak maksadybilen,«Bitcoin» obligasiýalaryny dolanyşyga goýberer.

«Bitcoin City» atly dünýäniň ilkinji kriptowalýuta şäheri Salwadoryň gündogaryndaky «La Union» sebitinde gurlar. Bu şäher ekologiýa taýdan doly arassa şäher bolar we wulkandan işlenip alynýan biotermal energiýasyny ulanar. Şäher ýaşaýjylary bolsa salgytlaryň ählisinden diýen ýaly boşadylar. On ýyla niýetlenen «Bitcoin» obligasiýalaryň ilkinji toplumynyň möçberi ABŞ-nyň 10 milliard dollaryna barabar bolar. Obligasiýalary 2022-nji ýylda ulanyşa goýbermek meýilleşdirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň