Türkmen talyplary Russiýa Federasiýasy tarapyndan geçirilen olimpiadada üstünlikli çykyş etdiler

12:1502.12.2021
0
1136

Russiýa Federasiýasynda nazary mehanika dersinden talyplaryň arasynda guralan olimpiadanyň üçünji tapgyry geçirildi. Bu olimpiada geçen iki tapgyrda ýeňiji bolan talyplar gatnaşdylar. Olimpiada Russiýadan, Belarusdan we Türkmenistandan jemi 147 sany talyp gatnaşdy.

Talyplar olimpiadada nazary mehanikanyň esasy bölümlerinden 8 meseläni çözmek boýunça ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Türkmenistandan bu olimpiada 4 sany ýokary okuw mekdebinden 14 talyp gatnaşyp, olardan 4-si 2-nji we 3-nji orunlary, 8 sanysy bolsa 4-nji we 5-nji orunlary eýelediler.

Olimpiada sanly ulgam arkaly geçirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň