Demir ýol işgärleriniň güni dünýäniň beýleki ýurtlarynda

12:1724.01.2015
0
11801

Türkmenistanyň Prezidenti Demir ýol pudagynyň işgärleriniň gününi döretmek hakyndaky Permana gol çekdi. Ol her ýylyň 3-nji dekabrynda — “Gazagystan — Türkmenistan — Eýran” halkara demir ýolunyň ulanylyşa girizilen güni bellenilip geçiler. Bu baýramyň dünýäniň haýsy ýurtlarynda haçan bellenilýändigini bilmek gyzykly bolsa gerek.

Demirýolçynyň güni Russiýa Federasiýasynda her ýylyň awgustynyň birinji ýekşenbesinde bellenilýär. Bu baýram ilkinji gezek 1896-njy ýylyň 28-nji iýunynda (täze görnüşde 10-njy iýulda) Russiýa imperiýasynyň ýol ulaglary ministry Mihail Hilkowyň buýrugy bilen ýola goýlupdy.

Azerbaýjanyň demir ýol işgärleriniň güni bu ýurtda 13-nji oktýabrda baýram edilýär.

Belarusda bu Respublikanyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň 1995-nji ýylyň 15-nji iýulyndaky “Demirýolçynyň gününiň baýramyny döretmek hakyndaky” Permanyna laýyklykda her ýylyň awgustynyň ilkinji ýekşenbesinde bellenilýär.

Gazagystanda demir ýol işgärleriniň baýramy hökmünde Gazagystan Respublikasynyň 2001-nji ýylyň  13-nji dekabrynda Kabul edilen Gazagystan Respublikasynyň baýramlar hakyndaky Kanuny tarapyndan ýola goýlan Ulag we aragatnaşyk işgärleriniň güni bellenilip geçilýär.

Gyrgyz Respublikasynda awgustyň ilkinji ýekşenbesinde baýram edilýän Demirýolçynyň güni Respublikanyň Hökümetiniň Karary bilen 1994-nji ýylyň 3-nji awgustynda ýola goýuldy.

Latwiýada Demirýolçynyň güni, has takygy bolsa Demir ýol güni her ýylyň 5-nji awgustynda bellenilýär. Bu Latwiýanyň demir ýolunyň esaslandyrylan senesini — 1919-nji ýylyň 5-nji awgustyny ebedileşdirmek maksady bilen edildi.

Litwada Dermirýolçynyň gününi her ýyl 28-nji awgustda bellemek ýola goýlandyr. Takmynan, 1860-njy ýylyň şol güni Peterburg — Warşawa demir ýolunyň Dinaburg — Wilnýus şahasynyň gurluşygy tamamlandy. 

Ukrainada  Demirýolçynyň güni resmi taýdan 4-nji noýabr diýlip kesgitlendi.

Estoniýada 1876-njy ýylyň 21-nji awgustynda Tallinden Tartwa ilkinji otlynyň gelmeginiň hatyrasyna Demir ýoluň taryhynyň güni her ýylyň 21-nji awgustynda bellenilýär.

Bolgariýada Demirýolçynyň güni hünär baýramy hökmünde her ýylyň awgustynyň ilkinji ýekşenbesinde bellenilip geçilýär.

Wengriýada ýurduň Hökümetiniň 1961-nji ýyldaky çözgüdi netijesinde Demir ýol güni iýulyň ikinji ýekşenbesinde baýram edilýär.

GDR-de Demirýolçynyň we ulag işgärleriniň gününiň bellenilýän senesi iýunyň ikinji ýekşenbesine düşýärdi. GFR-iň gündogarynda iýunyň birinji ýekşenbesinde, günbatarynda bolsa sentýabryň ilkinji dynç alyş günlerinde şeýle baýramy bellemek ýola goýuldy.

Polşada Demirýolçynyň baýramy her ýylyň 25-nji noýabrynda bellenilýär.

Slowakiýada Demirýolçylaryň güni 27-nji sentýabrda baýram edilýär. 1840-njy ýylyň şol gününde Bratislawadan Swety Ýura çenli atly demir ýoluň açylyşy bolupdy.

Çehiýada Demir ýol güni däp bolup gelşi ýaly, sentýabryň dördünji şenbesinde  bellenilýär. Bu 1825-nji ýylyň 27-nji sentýabrynyň hatyrasyna şeýle edilýär, şol gün Žorj Stefensonyň birinji parowozy ilkinji gezek ýola düşüpdi.

Bosniýa we Gersegowinada Demirýolçynyň güni 15-nji aprelde baýram edilýär.

Serbiýada Demirýolçynyň güni 2001-nji ýyldan başlap 12-nji maýda Keramatly Wasiliý Ostrožskiniň gününde bellenilýär.

Sloweniýada  Demirýolçylaryň güni her ýylyň 2-nji iýunynda bellenilip geçilýär. 1846-njy ýylda häzirki Sloweniýanyň çägine ilkinji otly gelipdi.

Horwatiýada  1990-njy ýyldan bäri 5-nji oktýabr Horwatiýanyň demir ýolunyň güni hökmünde bellenilýär. Hut şol ýylyň şol güni Horwatiýanyň demir ýollary Ýugoslawiýanyň demir ýollarynyň düzüminden çykyp, garaşsyz kompaniýa hökmünde Halkara demir ýollary birleşigine Kabul edildi. Mundan başga-da, bu ýurtda 15-nji aprelde Demirýolçynyň halkara güni bellenilýär.       

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň