Soňky habarlar

Arhiw

Halkara maýyplar güni mynasybetli dabara geçirildi

18:1601.12.2021
0
764

Her ýylyň 3-nji dekabrynda bellenilýän maýyplar güni mynasybetli Türkmenistanyň körler we kerler jemgyýeti tarapyndan dabara geçirildi. Onuň dowamynda gözden geçirişler, bäsleşikler, şeýle-de eşidişi we göreji babatda maýyplary işleriniň sergisi guraldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» web saýtynda habar berilýär.

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasyndan we Türkmen döwlet medeniýet institutyndan gelen wekiller dabarada emin agzalary bolup, bu ýerde görkezilýän el işlerine we aýdym-sazly çykyşlara baha berdiler.

Dabaranyň guramaçylary sowgatlyklary, suratlary we beýleki el işlerini taýýarlamak ýaly birnäçe bäsleşikleri guradylar.

Öz ugurlaryndan Baýramalydan M.Kadyrowa («Arkadagym bilen Watan gülleýär» essesi), Balkanabatdan A.Hudaýgulyýewa bilen M.Kulow (bilelikde aýdym aýtmak), Marydan A.Ataýewa (keşde, el işleri), Balkan welaýatyndan M.Hanjyýew (milli önümler) baýrakly orna mynasyp boldular.

Gözden geçirilişe gatnaşanlaryň iň ýaşy Anastasiýa Hudaýgulyýewa bilen Maksat Kulow «Sen meniň ýüregim» aýdymyny bilelikde ýerine ýetirdiler.

Belläp geçsek, Halkara maýyplar güni şu ýylyň 3-nji dekabrynda bütin dünýäde 29-njy gezek belleniler. 1992-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasy maýyplary jemgyýetçilik durmuşyna goşmak maksady bilen dünýä döwletlerini her ýyl şu sene mynasybetli çäreleri geçirmäge çagyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň