Soňky habarlar

Arhiw

Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-da Açyk halkara fizika olimpiadasy geçiriler

17:2301.12.2021
0
2615

Şu ýylyň 4 — 6-njy dekabry aralygynda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 26 ýyllygy mynasybetli Açyk halkara fizika internet olimpiadasyny geçirmek meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde bu ugurda bilim alýan talyp ýaşlar özleriniň bilim derejelerini barlap görerler.
Açyk halkara fizika olimpiadasyna gatnaşmaga isleg bildirýän ýaşlar s.seydi-tdmi@yandex.ru elektron poçtasyna özleri baradaky maglumatlary (adyny, familiýasyny, bilim alýan ýokary okuw mekdebiniň adyny, hünärini we okuw ýylyny) ibermelidirler.

Olimpiada iki — «A» we «B» derejede geçiriler.

«A» derejedäki bäsleşige fikiza hünärinden bilim alýan talyplar, «B» derejedäki bäsleşige bolsa fizika ugrundan başga ähli ugurlarda bilim alýan talyplar gatnaşyp bilerler.

Her derejedäki bäsleşige ýokary okuw mekdeplerinden 5 talyp gatnaşyp biler. Olimpiada türkmen, rus we iňlis dillerinde geçiriler.

Olimpiada bilen bagly bildirişler Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň resmi web saýtynda ýerleşdirildi.

Açyk halkara fizika olimpiadasy bilen baglanyşykly soraglar ýüze çyksa şu aşakdaky telefon belgileri bilen habarlaşyp bilersiňiz:

+99363100436, +99364717890

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň