Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň Patyşasyna gynanç hatyny iberdi

12:1024.01.2015
0
2870

Aşgabat, 24-nji ýanwar. “Türkmenportal”.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri, Saud Arabystany Patyşalygynyň Patyşasy Salman Ben Abdul Aziz Al-Sauda Saud Arabystany Patyşalygynyň milli lideri, Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri, diňe musulman ymmatynyň däl, eýsem, bütin dünýäniň görnükli syýasatçysy Abdalla Ben Abelaziz Al Saudyň biwagt aradan çykmagy zerarly, gynanç hatyny iberdi.

“Türkmen halky Saud Arabystanynyň doganlyk halkynyň gynanjyna goşulýar. Onuň Alyjenaby Abdalla Ben Abdelaziz Al Saudyň aradan çykmagy iki ýurt üçin hem örän gynançly wakadyr. Onuň Alyjenaby hakyndaky ýagşy ýatlamalaryň häzirki we gelejekki nesilleriň kalbynda hemişelik galjakdygyna ynanýaryn” diýlip, gynanç hatynda aýdylýar.

Türkmen döwletiniň Baştutany merhumyň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna, şeýle hem Saud Arabystany Patyşalygynyň ähli doganlyk halkyna ýürekden duýgudaşlyk we medet beriji sözlerini beýan edip, Saud Arabystanynyň Patyşasyna we Patyşalygyň ähli halkyna ruhy durnuklyllyk we mertlik dileg etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň