Soňky habarlar

Arhiw

Ispaniýada tebigy betbagtçylyk

16:1701.12.2021
0
5485

Ispaniýanyň demirgazygyna gelen «Arwen» tupany güýçli gar ýagyşlaryny getirip, sebitde suw joşmagyna sebäp boldy. Gar ýagmagy sebäpli Alawa welaýatynyň ýaşaýjylary awtoulaglaryny garyň aşagyndan almaly boldular.

Ýurduň beýleki sebitlerine düşen güýçli ýagyş derýalarda suwuň ýokarlanmagyna we käbir ýerlerde suw joşmagyna sebäp boldy. Kantabriýada senagat toplumyny suw basdy we işçiler gaýyk bilen ewakuasiýa edilmeli boldy. Tebigy betbagtçylyk elektrik togunyň we telefonyň kesilmegine sebäp boldy. Şeýle hem, iz.ru habar gullugynyň habaryna görä, ýurduň käbir bölümlerinde demirýol we ýol gatnawy kesilipdir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň