Soňky habarlar

Arhiw

Dünýäniň ýaşamak üçin iň gymmat şäheri mälim edildi

16:1201.12.2021
0
15121

Britaniýanyň Economist Group kompaniýasynyň bilermenleri uly şäherlerde ýaşamagyň bahasyny kesgitlemek üçin dünýäniň 173 şäheriniň arasynda gözleg geçirdiler. “2021-nji ýylda ýaşamagyň Ýer ýüzündäki bahasy” atly neşir edilen sanawa görä, Tel Awiw şu ýylyň ýaşamak üçin iň gymmat şäheri diýlip yglan edildi. Geçen ýyl bu iri şäher Parižden, Gonkongdan, Osakadan we Ženewadan soň ýaşaýyş üçin gymmatlygy boýunça bäşinji orunda duran bolsa,

2021-nji ýylda Tel Awiw ýaşamak üçin gymmat şäherleriň sanawynyň birinji hataryna çykdy.

Iz.ru saýtynyň habar bermegine görä, şäheriň bu ýyl sanawyň birinji ornuna çykmagy Ysraýyl şekel pul birliginiň hümmetiniň ABŞ-nyň dollaryna garşy uzak wagtlap ýokarlanmagy, azyk önümleriniň bahasynyň we jemgyýetçilik ulaglarynyň töleginiň galmagy bilen baglanyşykly. Mysal üçin, şäherdäki harytlaryň we hyzmatlaryň bahalary ýerli walýutada 2020-nji ýyldaky (1,9%) bilen deňeşdirilende, ortaça 3,5% ýokarlandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň