Soňky habarlar

Arhiw

Sanjym almadyk grekler jerime tölärler

16:0201.12.2021
0
1010

INTERFAX.RU habarlar gullugynyň ýazmagyna görä, Gresiýanyň hökümet başlygy Kiriakos Misotakis şu hepdäniň sişenbe güni COVID-19-a garşy sanjymyň ýurduň 60 ýaşdan ýokary raýatlary üçin hökmany boljakdygyny yglan etdi.

«Heniz sanjym almadyk ýaşy altmyşdan geçen grekler 16-njy ýanwara çenli sanjym almak üçin ýazylmaly we birinji sanjymy almaly bolarlar, ýogsa-da olara her aýda 100 ýewro möçberinde jerime bellener» diýip, grek premýer-ministri aýtdy.

Häzirki wagtda Gresiýada ilatyň 63 göterimi, ýagny 11 million adam sanjym aldy.

Geçen noýabrda her gün bu ýurtda koronawirus ýokuşanlaryň köpsanlysy hasaba alyndy, şonuň üçin sanjym almadyklara ýapyk binalara, şol sanda garbanyşhanalara, kinoteatrlara, muzeýlere we sport zallara barmak gadagan edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň