Soňky habarlar

Arhiw

Awstriýanyň «Mosart» kemput kärhanasy batandygyny yglan etdi

15:4701.12.2021
0
650

Awstriýanyň «Mosart» atly meşhur kemputlary öndüriji Salzburg Schokolade kompaniýasy batandygyny resmi mälim etdi we bu barada kazyýete arza berdi.

«Die Presse» habarlar gullugynyň ýazmagyna görä, kompaniýa pandemiýa sebäpli konditer önümlerine islegiň pese düşendigini, netijede, Wenadaky we Zalsburgdaky süýji dükanlarynyň birnäçe hepdeläp ýapylandygyny habar berdi. «Gadaganlyk we çig mala, elektrik energiýasyna, aýlyk haklaryna we gaplaýyş materiallaryna çykdajylaryň görnetin artmagy, daşamakdaky bökdençlikler batmagyň sebäbi boldy» diýip, kompaniýanyň direktory Kristian Şýugerl ýagdaýy düşündirdi.

Indi Zalsburguň kazyýeti Salzburg Schokolade kompaniýasynyň bergilerini üzmäge ukypsyzdygy baradaky meselä sereder. Önümçilikçi hatda öz işgärlerine noýabr üçin aýlyk haklaryny we Roždestwo baýraklaryny hem tölemäge ukypsyz, ýagny onuň işgärleriniň 140-sy aýlyk almandyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň