Soňky habarlar

Arhiw

Ykdysadyýet boýunça geçirilen 2-nji onlaýn olimpiadanyň ýeňijileri belli boldy

15:4201.12.2021
0
6748

Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň guramagynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda ykdysadyýet boýunça 2-nji onlaýn olimpiadanyň ýeňijileri belli edildi.

Ykdysadyýet boýunça olimpiadanyň iň ýokary baýragyna Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby Akja Potdyýewa, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby Gurbanbaý Gurbanbaýew, şeýle-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby Resul Şamuhammedow dagy mynasyp bolmagy başardylar.

Onlaýn olimpiadanyň birinji ornuna birbada 17 talyp mynasyp boldy. Şolaryň 7-si Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplarydyr. Birinji orna mynasyp bolan talyp ýaşlaryň arasynda Türkmen döwlet maliýe institutyndan iki talyp, şeýle-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby Hatammyrat Hudaýnazarow, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby Bibihajar Kulyýewa, Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby Gunça Rahmanowa, Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby Akmyrat Tirkeşow, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Annabaýew hem bar.

Ykdysadyýet boýunça geçirilen 2-nji onlaýn olimpiada gatnaşan talyplaryň 38-si ikinji we 41-si baýrakly üçünji orna mynasyp boldular. Ikinji we üçünji orna mynasyp bolan talyplaryň arasynda ýokarda ady agzalan ýokary okuw mekdepleriň talyplary bilen birlikde Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň, Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyp ýaşlary bar.

Onlaýn olimpiada gatnaşan talyplaryň 16-sy höweslendiriji baýraga mynasyp boldular.

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň ykdysadyýet boýunça güýz möwsüminde gurnan 2-nji onlaýn olimpiadasy bäş tema boýunça geçirildi. Ol türkmen we iňlis dillerinde bir tapgyrda geçirildi.

Ýatlap geçsek, bu ýokary okuw mekdebiniň gurnamagynda ykdysadyýet boýunça 1-nji onlaýn olimpiada geçen ýylyň güýzünde geçirilipdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň