«Türkmenistan» gazetiniň kagyz görnüşine abuna ýazylyşygy başlandy

13:2601.12.2021
0
502
«Türkmenistan» gazetiniň kagyz görnüşine abuna ýazylyşygy başlandy

2022-nji ýylyň birinji ýarymy üçin «Türkmenistan» gazetiniň çap edilýän görnüşine abuna ýazylyşygynyň başlanandygyny habar berýäris. Bu barada gazetiň şu günki — 1-nji dekabrdaky sanynda habar berildi.

Şeýlelikde, okyjylar «Türkmenistan» gazetine iki görnüşde — çap edilýän hem-de eletron görnüşdäki neşirler boýunça abuna ýazylyp bilerler.

Ýurtda ornaşdyrylýan sanly ulgamyň giň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, «Türkmenmetbugat» elektron neşirine abuna ýazylmak arkaly okyjylar merkezi gazet-žurnallarda, şol sanda «Türkmenistan» gazetinde çap edilýän habarlardyr makalalary degişli rugrikalar boýunça gündelik okap, ol neşirleriň ählisini hem «PDF» nusgasynda hem ýükläp alyp bilerler.

«Türkmenistan» gazetiniň elektron neşirine 2022-nji ýylyň birinji ýarymyna turkmenmetbugat.gov.tm internet sahypasynda we onuň «Türkmenmetbugat» mobil goşundysynyň üsti bilen, «Merkezi gazet-žurnallar we welaýat gazetleri» atly bukja arkaly ýazylyp bolýandygyny ýatladýarys. «Türkmenistan» gazetiniň elektron neşirine abuna ýazylmak bilen, şol bukjada ýurduň beýleki merkezi gazet-žurnallaryny we welaýat gazetlerini hem okap bolýar.

Gündelik neşir bolan «Türkmenistan» gazetine abuna ýazylyp, okyjylar Türkmenistanyň Prezidentiniň baştutanlygynda ýurduň durmuşynda bolup geçýän resmi, jemgyýetçilik-syýasy wakalar, täzelikler, il-ýurt bähbitli özgertmeler, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda, medeniýet, sungat, ylym-bilim, sport we saglygy goraýyş ulgamlarynda alnyp barylýan giň gerimli işler, bildirişler bilen dessin tanyşmak mümkinçiligine eýe bolarlar.

«Türkmenistan» gazetiniň çap edilýän görnüşi üçin abuna ýazylmagyň alty aýlygynyň bahasy 49 manat 50 teňňe.

Türkmenistanyň ähli gazet-žurnallary üçin «Türkmenmetbugat» elektron neşirine abuna ýazylmagyň ýarym ýyllygynyň bahasy bolsa 60 manatdyr.

«Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasy bilen habarlaşmak üçin 39-95-67 belgä jaň edip bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň